WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

  • Wagyz-nesihat çäresi

    Wagyz-nesihat çäresi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda edep-terbiýe, maşgala gymmatlygy hakynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýaş nesilleriň terbiýesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanşyklydyr. Türkmen halkynyň durmuşynda asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly dürdäne eserinde: “Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Dogry dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär” diýip bellemek bilen, döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin maşgala we nesilleriň terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmegimiziň wajypdygyny nesihat edýär.

    “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.