-
21
Fewral
«Watanym, ajap sen, gözel geljegiň Arkadagly Serdar bilen» atly döredijilik duşuşygy geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanym, ajap sen, gözel geljegiň Arkadagly Serdar bilen» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, halypa şahyr Süleýman Ilamanow, şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň işgärleri: Akjemal Saparowa, Oguljahan Ernepesowa we Jeren Sadykowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan işler, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň we edebiýatymyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin nygtap geçdiler hem-de özleriniň täze ýazan goşgularyny okadylar.
Çykyşlarynyň ahyrynda olar dünýäde dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen belli bolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.