«WATANYM BERKARAR — ZENAN BAGTYÝAR!» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Watanym Berkarar — zenan bagtyýar!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Watanym Berkarar — zenan bagtyýar!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Watanym Berkarar — zenan bagtyýar!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň enelermiz we käbelermiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, 8-nji mart — Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada belläp geçdiler.

    Ene-käbelermiz, biziň bahar-ýaza, ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk, eser döretmedik şahyr ýa ýazyjy, aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy-sazanda ýok bolsa gerek. Dabarada çykyş edenler bular hakynda hem aýtmak bilen, gelin-gyzlar hakynda ýazylan goşgulary okadylar.

    Şeýle hem dabaranyň dowamynda kitaphanamyzyň birnäçe tapawutlanan ýaş hünärmenlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşini tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

    Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.