«WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI SIZ» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Watanymyzyň bagtyýar nesilleri siz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Watanymyzyň bagtyýar nesilleri siz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanymyzyň bagtyýar nesilleri siz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Watanymyzyň bagtyýar ogul-gyzlary, olaryň okuwda, durmuşda gazanýan üstünlikleri, biziň bagtyýar döwrümiziň ykdysadyýetinde, medeniýetinde we sungatynda gazanan ajaýyp netijeleri hakynda söhbet etdiler. Biziň ýaş nesillerimiz — Watanymyzy gülledip ösdürmekde uly güýçdir.

    Dabarada çykyş edenler bular barada nygtamak bilen, bize ajaýyp bagty beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.