-
05
Maý
Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp, «Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Döwlet kitaphanasynda “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler öz söhbetleriniň başyny Beýik Ýeňşiň 77-ýyllygy bilen ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlamak bilen, bizi Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşadýan hormatly Prezidentimize öz alkyşlaryny aýtdylar.
Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmen ýigitleriniň merdanalygy, olaryň gahrymançylygy biziň hemmämize bellidir. Beýik Ýeňiş hakynda ýazyjy- şahyrlarymyz, Gahryman Arkadagymyz birnäçe gymmatly eserler döretdiler. Ol eserlerde Watan gymmatlygy, onuň her daban ýeriniň mukaddesligi barada giňişleýin söhbetler edilýär diýip belläp geçdiler. Söhbetleriniň soňunda olar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag. ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.