-
01
Mart
«Ýollaryň aýdyň, topragyň nurly, Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Merkeziň Ilkinji Zenanlar guramasynyň, şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Mejlisinde Prezidiumyň eden çykyşlaryndan ugur alnyp, «Ýollaryň aýdyň, topragyň nurly, Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan halk bähbitli işler, taryhy başlangyçlar, haýyr-sahawat we ynsanperwer işleriň ähmiýeti, milli senetçiligi, halyçylygy, sungatymyzy ösdürmek, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek meseleleri hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Sözleriniň soňunda olar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.