«ÝURDUMYZDA BOLUP GEÇÝÄN SYÝASY WAKALAR WE KITAPHANADA ALNYP BARYLÝAN IŞLER» ADY BILEN KITAPHANA IŞGÄRLERI TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GURADYLAR

  • «Ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar we kitaphanada alnyp barylýan işler» ady bilen kitaphana işgärleri tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guradylar

    «Ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar we kitaphanada alnyp barylýan işler» ady bilen kitaphana işgärleri tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guradylar

    Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni, her bir täze ak säheri täze-täze ösüşlere, beýik-beýik ýeňişlere beslenýär.Ýurdymyzda ylym-bilim, medeniýet we sungat gün-günden pajarlap ösýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Prezident saýlawlary örän üstünlikli geçip, halk öz mynasyp Ogluny Prezidentlige saýlady. Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat bu gün dünýäde giňden belli bolmak bilen,”Döwlet Adam Üçindir” diýen şygar bu gün biziň agzybir halkymyzyň esasy ýörelgesidir. Şeýle bolansoň şu gün «Ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar we kitaphanada alnyp barylýan işler» ady bilen kitaphana işgärleri tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guradylar.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler bular hakda giňişleýin söhbet etmek bilen kitabyň gymmaty, häzirki wagtda kitaphanalarda alnyp barylýan döwrebap hyzmatlar barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.