«ÝURDUMYZYŇ KITAPHANA IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA KITAPHANA IŞINI DÖWREBAP GURAMAK» ADY BILEN WIDIOARAGATNAŞYK ARKALY ONLAÝN IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI

  • «Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak» ady bilen widioaragatnaşyk arkaly onlaýn iş maslahaty geçirildi

    «Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak» ady bilen widioaragatnaşyk arkaly onlaýn iş maslahaty geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ähli welaýat kitaphanalary hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak» ady bilen widioaragatnaşyk arkaly onlaýn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň wezipesi, maksady dogrusynda giňişleýin tanyşdyrmak bilen maslahat öz işine başlady. Esasanam bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we täze iş usullaryny ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler barasynda giňişleýin söhbet edildi. Berkarar döwletimiiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphanaçylaryň öňünde durýan döwrebap wezipeler dogrusynda, okyjylara edilýän hyzmatlar, kitaphana işini kämilleşdirmekde usulyýet işiniň ähmiýeti barada yzygiderli söhbetler edildi. Şonuň ýaly-da iş ýüzünde dörän soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.