«ÝURDUMYZYŇ KITAPHANA IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA KITAPHANA IŞINI DÖWREBAP GURAMAK WE ALYP BARMAK BOÝUNÇA» WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY ONLAÝN IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI

  • «Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak boýunça» wideoaragatnaşyk arkaly Onlaýn iş maslahaty geçirildi

    «Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak boýunça» wideoaragatnaşyk arkaly Onlaýn iş maslahaty geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň welaýat kitaphanalary hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde “Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak boýunça” wideoaragatnaşyk arkaly Onlaýn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň wezipesi, maksady dogrusynda giňişleýin tanyşdyrmak bilen maslahat öz işine başlady. Esasanam bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we täze iş usullaryny ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphanaçylaryň öňünde durýan döwrebap wezipeler dogrusynda, okyjylara edilýän hyzmatlar, kitaphana işini kämilleşdirmekde usulyýet işiniň ähmiýeti barada yzygiderli söhbetler edildi. Şonuň ýaly-da iş ýüzünde dörän soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.