ZEHINLI KOMPOZITOR NURY HALMÄMMEDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 85 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP, «MUKAMLARA SIŇEN ÖMÜR» ADY BILEN ÝATLAMA ÇÄRESI GEÇIRILDI

  • Zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi

    Zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi.

    Ýatlama çäresinde ajaýyp türkmen sazlaryny döredip, ýurdumyzda milli medeniýetiň we türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşan zehinli kompozitorlaryň biri bolan Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow barada gürrüň edildi. Bu çärä Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, žurnalist Parahat Çerkezow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ýazmyrat Şadurdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy Şemşat Amannepesowa dagylar gatnaşyp, zehinli kompozitor barada ýakymly ýatlamalary belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda Nury Halmämmedowyň döreden aýdym-sazlary ýaňlandy.

    Dabaranyň ahyrynda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.