«ZEMINIŇ BEZEGI — MÄHREM ENELER» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Zeminiň bezegi — mährem eneler» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Zeminiň bezegi — mährem eneler» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Zeminiň bezegi- mährem eneler” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda “Türkmenistan–rowaçlygyň Watany” ýylynda Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň aýratyn joşguna eýe bolýandygy, milli mirasymyzy öwrenmekde, baýlaşdyrmakda ,wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmatynyň örän ulydygyny bellemek bilen, olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji- hazynasydygyny, deňsiz- taýsyz gymmatlykdygyny gürrüň berdiler.Söhbediniň soňunda täze döreden goşgularyndan okap berdiler. Dabara gatnaşan mynmalar: Dursun Tekäýewa- “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi; Döwletmyrat Nuryýew- „Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti“, ýazyjy; Goçy Annasähedow- ”Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy“ ýubileý medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, ýazyjy.