ZENANLARYŇ ARASYNDA «GYZ EDEBI — GYZYL GÜL» ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

  • Zenanlaryň arasynda «Gyz edebi — gyzyl gül» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    Zenanlaryň arasynda «Gyz edebi — gyzyl gül» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Türkmen halky gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy, edebini bolsa namys tugy hasaplapdyrlar. Çärä gatnaşan myhmanlar Gyz maşgala enesinden öwüt- ündew alyp, ony durmuş çelgisine öwürýärler diýip bellediler. Zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagşylygy ýaran edinmek halkymyzyň üýtgewsiz durmuş ýörelgesidir. Çärä gatnaşanlar sözüniň soňunda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar we onuň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.