ZENANLARYŇ ARASYNDA «MAŞGALA — EDEP-TERBIÝE MEKDEBIDIR» ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

  • Zenanlaryň arasynda «Maşgala — edep-terbiýe mekdebidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    Zenanlaryň arasynda «Maşgala — edep-terbiýe mekdebidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa bimöçberdir. Ähli raýatlar bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyp, çykyş eden myhmanlar däp-dessurlarymyz, adatlarymyz, durmuşyň ähli ugurlaryndaky ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize gelip ýeten häsiýetler barada täsirli söhbetleri etdiler. Ak saçly enelerimiz gyz-gelinleriň edep terbiýesi, görüm-göreldesi barada hem durup geçdiler. Çäräniň soňunda bize döredip beren mümkinçilikleri üçin sag bolsunlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.