-
22
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet“ atly döredijilik duşuşugy
Döwlet kitaphanasynda toý serpaýly ildeşlermiziň gatnaşmagynda geçirilýän “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly çärä - türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda öz saldamly goşandyny goşýan medeniýet we sungat işgärleri, toý serpaýly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky sazly drama teatryndan Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarow, Baş Akademiki drama teatryndan Türkmenistanyň at gazanan …
DOWAMY -
22
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi bilen Bibliografiýa bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Gadamy batly, baky şöhratly bedew’’-atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy …
DOWAMY -
22
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Seýrek neşirler bölümi bilen Bibliografiýa bölümi billelikde “ Adamzadyň paýhas ummany-Arkadag hem Pyragy”- atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip …
DOWAMY -
22
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Mirasym-mertebäm“ atly söhbetdeşlik
Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň esasy kitaphanaçysy Dünýägözel Bekiýewa kitaphanaçylaryň arasynda “Mirasym-mertebäm” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenen alym zenanlar barada söhbet edildi.
Türkmen halkynyň taryhyny, etnografiýasyny öwrenmekde saldamly goşant goşan zenan alymlaryň ylmy mirasy uly ähmiýete eýedir. Söhbetdeşligiň soňunda biziň medeni …
DOWAMY -
22
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalaryna syn
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde Türkmenistanyň belli-belli sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kinooktýorlardyr-režissiýorlar, teatr artistlary, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu …
DOWAMY -
22
Oktýabr
Kitaphana syny
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi tarapyndan Türki medeniýetiniň halkara gurmasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda” atly maslahaty hem-de kitap-neşir …
DOWAMY -
19
Oktýabr
“Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli guralýan dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary indi üç asyra golaý …
DOWAMY -
19
Oktýabr
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşýan türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň özara edebi gatnaşyklara bagyşlanan döredijilik duşuşygy we şygyrýet agşamy gecirildi.
Döredijilik we şygryýet agşamynda çykyş edenler türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň özara edebi gatnaşyklary hakynda gürrüň etdiler we ýürek ylhamyndan dörän ajaýyp şygyrlaryny okap berdiler. Dabranyň ahyrynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
DOWAMY