BIZIŇ TÄZELIKLERIMIZ

  • «Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen, Pyragy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen, Pyragy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde «Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen, Pyragy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi hem-de giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

    Maslahata medeniýet-sungat işgärleri, kitaphananyň hünärmenleri we okyjylar …

    DOWAMY
  • Zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi

    Zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, «Mukamlara siňen ömür» ady bilen ýatlama çäresi geçirildi.

    Ýatlama çäresinde ajaýyp türkmen sazlaryny döredip, ýurdumyzda milli medeniýetiň we türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşan zehinli kompozitorlaryň biri bolan Türkmenistanyň halk …

    DOWAMY
  • Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi

    Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi

    Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aziýanyň merjeni, Arkadag Serdarly gözel Aşgabat» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamyna gatnaşyjylar Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp ösüşleri barada, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň …

    DOWAMY
  • «Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

    «Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Arkadag Serdarly Watan — ömrümiziň çyragy, adyň giň jahana doldy, Magtymguly Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň şeýle …

    DOWAMY
  • «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Älemde bellidir Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Garaşyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Döwlet Baýdagynyň we Konstitusiýamyzyň baýramçylygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, barha belent sepgitlere ýetýän döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy hakynda giňişleýin durup geçdiler.

    DOWAMY
  • «Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

    «Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we gaz unwersiteti bilen Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly döwrüň Pyragy!» ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy …

    DOWAMY
  • «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitabyň ynsan üçin çörek ýaly mukaddesligi, onuň terbiýe mekdebiligi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bilşimiz ýaly, köp kitap okan adamyň dünýägaraýşy giň bolýar, ol durmuşda öz öňde goýan maksadyna ýetýär we hiç haçan …

    DOWAMY
  • «Ýurdumyzda kitaphanalary ösdürmekde döwrebap işler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    «Ýurdumyzda kitaphanalary ösdürmekde döwrebap işler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ýurdumyzda kitaphanalary ösdürmekde döwrebap işler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ulgamlarynyň biri bolan kitaphanalarda okyjylara döwrebap hyzmat etmeklikde täze usullar, elektron kitaphana ulgamynyň kitaphanalarda ýola goýluşy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşlige …

    DOWAMY